
Bir hepde dowam eden ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi düýn — 18-nji aprelde öz işini tamamlady.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralan sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda: «Sergä gatnaşan telekeçiler, düzüminde 27 müňden gowrak agzany jemleýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatynda çykyş eden wekiller ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanylýan guwandyryjy netijeler barada hasabat bermek bilen, bu sepgitleriň ýurdumyzda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatyň, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna esaslanýan bazar gatnaşyklarynyň giň gerimde ornaşdyrylmagynyň, hususy telekeçilere berilýän hemaýat-goldawlaryň esasynda mümkin bolýandygyny buýsançly nygtadylar» diýilýär.
«TürkmenGazet».