Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Ynsanperwerligiň dabaralanýan aýy

19-04-2022 / 5159

Agzybir, asuda, milli däp-dessurlarydyr edim-gylymlaryny başyna täç eýleýän türkmen topragynda sahawatly Oraza aýy dowam edýär.

Oraza aýynda ýurdumyzyň ähli ýerinde isleg bildirýän, jany sag ildeşlerimiz agyz bekleýärler. Watan asudalygy, ýurt parahatçylygy arzuw edilýär. Birek-birege saglyk, hoşwagtlyk dileg edilýär. Bu aýda: «Orazaňyz kabul bolsun!», «Ýagşy niýetleriňiz ýaran bolsun!» diýen ýaly sözler häli-şindi eşidilýär. Il arasyndaky hormat-sylag öňküden-de güýçlenýär. Adamlar agyz beklemek bilen beden agzalaryny artykmaç agramdan saplasalar, göwnemakul gürrüňler bilen kalp gözelliginiň gözgüsini arassalaýarlar.

Pederleriň aýtmagyna görä, oraza tutmak her bir ynsan üçin synagdyr. Bu aýda gybat-ýalandan, öýke-kineden saplanmagyň wagtydyr. Orazanyň esasy şerti ir säher bilen senenamadaky wagta görä, selälik edinip, agşam agzaçaryna çenli iýmit kabul etmekden saklanmakdyr. Lukmanlaryň maslahatyna görä, näsag adamlara, hamyla zenanlara, ýaş çagalara agyz beklemek bolmaýar. Oraza tutup bilmeýän adamlaryň agzy beklilere hyzmat etmegi hem sogapdandyr. Bu aýda musulman dininiň ygtykadyna görä, mal-başyňdan, maddy baýlygyňdan hüşür-zekat berilýär. Maşgala sanyna görä, baş pitre çykarylýar. Pitre naýbaşy nygmat hasaplanýan 1 kilogram unuň hökümet bahasyna görä kesgitlenýär. Hüşür-zekat, baş pitre ilkinji nobatda hossarsyz hasaplanýan kişilere, ogulsyz-gyzsyz, ýeke ýaşaýan garrylara berilýär. Orazada her bir maşgalada öten-geçenler ýatlanyp, ruhuna degsin edilýär. Agşam agyz açylandan soň, ýurt abatlygy, il agzybirligi dileg edilip, töwir galdyrylýar.

Oraza iň bir sahawatly, ýagşy aýlaryň biridir. Namaz-orazalaryňyz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

Begenç RAHMANKULOW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrap geňeşiniň hasapçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com