Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy

16-04-2022 / 5009

15-nji aprelde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa edaralarynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, iri ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşyk işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmasy boýunça «Ynamly hyzmatdaşlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barlar. Döwlet Baştutanymyzyň 8-nji aprelde gol çeken Kararyna laýyklykda, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň aprel aýynda tamamlanar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com