
Ynsan balasy elmydama özüne ýagşylygy ýaran edinmegiň arzuwynda. Çünki ýagşylyga ýugrulyp ädilen her bir ädimiň diňe üstünlige we beýiklige alyp barjakdygyny durmuş tejribesi görkezip gelýär. Özüňde ýagşy gylyklary kemala getirmegiň bir ýoly-da husytlykdan saplanmakdyr. Pederlerimiziň durmuş wakalary we gürrüňleri hem biz üçin ullakan edep mekdebidir. Bu barada okan şeýleräk bir tymsal ýadyma düşýär:
Bir gezek Hatamdan:
— Heý, sen özüňden sahy adama gabat geldiňmi? — diýip sorapdyrlar. Ol bolsa:
— Hawa — diýip, şeýle gürrüň beripdir:
— Bir gün men bir ýetim guluň öýüne bardym. Onuň on sany goýny bar eken. Ol derrew bir goýny soýdy-da, bişirip, öňümde goýdy. Etiň bir bölegi meniň agzyma örän ýakymly degdi. Men ony iýdim-de: «Alladan ant içýärin, etiň şu ýeriniň tagamy juda başgaça eken» diýdim.
Ol ýigit daşary çykyp, goýunlaryny birin-birin soýup, maňa aýratyn hoş ýakan tagamly ýerlerini bişirip, öňümde goýdy. Meniň bolsa ol işlerden habarym ýokdy. Daşary çykyp, atyma atlanaýyn diýip durkam, öýüň öňünde örän köp gan gördüm.
Men:
— Bu näme? — diýip soranymda:
— Ol hemme goýunlaryny öldürdi — diýdiler.
Men oňa:
— Näme üçin beýle etdiň? — diýip igendim.
Ol:
—Meniň bir zadym size ýarady. Men munda husytlyk eden bolsam, onda bu gelşiksiz bolardy — diýdi.
Soňra Hatamdan:
— Sen onuň öwezine näme eçildiň? — diýip soranlarynda, ol:
— Üç ýüz guba düýe we bäş ýüz goýun — diýip jogap berdi.
Oňa:
— Beýle bolsa onda sen jomart-da — diýdiler.
Hatam bolsa:
— Ýok! Ol mendenem jomart eken. Çünki ol özüniň bary-ýogunyň hemmesini maňa eçildi, men bolsam şunça baýlygymdan diňe ýekeje gysym berdim — diýipdir.
Taýýarlan: Nurjemal GURBANOWA,
Dänew etrabynyň Berzeň geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.