Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Agzaçardan soň 4 sany erik kakyny iýmegiň täsiri

16-04-2022 / 5152

11 aýyň soltany Remezan aýynyň gelmegi bilen, iýýän önümlerimizdir içýän suwlarymyzyň möhümliligi has-da artyp başlady. Çünki Remezan aýynda iýip-içýän önümlerimize üns bermesek, saglygymyza zyýan ýetirip bileris.

Agzaçardan soň, 4 sany erik kakyny (kişde) iýseňiz, bedeniňize zerur bolan A witaminiň 40 göterimini alyp bilersiňiz. Agzaçardan soňra guradylan erikleri iýmäge synanyşyň.

Erik kakynyň peýdaly häsiýetleri

Guradylan erikde immuniteti güýçlendirmek üçin zerur witaminler we minerallar bardyr. Agzaçardan soňra erik kakyny iýmek, bedenimizi we günüň dowamynda ýitiren witaminlerimizi dikeltmäge ýardam edýär. Gan basyşyny kadalaşdyrýar we ýokary gan basyşy peseldýär. Agzaçarda agyr iýmit iýen bolsaňyz, erikleriň kömegi bilen ony aňsatlyk bilen siňdirip bilersiňiz.

Deridäki näsazlyklar üçin peýdaly bolan erik kaky, günüň dowamynda suwsuz galan deri üçin örän möhümdir. Bagyrdan toksinleri çykarmaga ýardam edýär. Bedenimiziň iň möhüm böleklerinden biri bolan bagyry goramak, ýene-de erik kaklaryny iýmek arkaly bolýar.

Guradylan erikleriň ýokumlylygy

Bir erik kakynda 16 kaloriýa töweregi kaloriýa bar. Mundan başga-da, guradylan erikde 0,25 g belok bar. Bir täze erikde 18 kaloriýa bar. 100 gramda bolsa, takmynan, 55 kilokaloriýa bardyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com