Slide
Slide
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSlider

Amerikan ýazyjysyndan 10 maslahat

Jon Rohnyň paýhasly sözleri

15-04-2022 / 5084
  • Düzgün-nyzam — maksatlar bilen üstünlikleriň arasyndaky köpri.
  • Günler gaty gymmat. Olaryň hersini paýhasly sarp edýändigiňize göz ýetiriň.
  • Biziň hemmämiz şu iki zadyň haýsy hem bolsa biri bilen gabatlaşarys: tertip-düzgün ýa-da ökünç.
  • Bir işiň aňsat bolmagyny islemäň, şol işden has gowy baş alyp çykmagy maksat ediniň. Meseleleriň az bolmagyny däl-de, has köp zehin arzuw ediň. Kynçylyklardan gaça durmaga däl-de, paýhasa ymtylyň.
  • Islegleriňizi amala aşyrýan wagtyňyz, töweregiňizdäkileri bagtly etmegi öwreniň.
  • Uly umytlaryň we güýçli talaplaryň bar bolan ýerlerinde ýaşaň.
  • Üstünlik — her gün yzygiderli ýerine ýetirilýän ýönekeý sapaklaryň netijesi.
  • Hyjuw — diňe başlamaga kömek edýär, dowamly bolmagyny endikler arkaly gazanmaly.
  • Garaşylmadyk töwekgelçilige taýyn bolmak islemeýän bolsaňyz, şowsuzlyga kaýyl bolmaly bolarsyňyz.
  • Ýolbaşçylyk wezipäňizde ynamly boluň, ýöne gödek bolmaň; mylakatly boluň, ýöne ejiz bolmaň; batyr boluň, ýöne sütem etmäň; kiçigöwünli boluň, ýöne utanjaň bolmaň; buýsanyň, ýöne ulumsy bolmaň.

Toplan: Bäşim ÖWEZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com