Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTrend we gözellik

Bu ekizleri tanaýarsyňyzmy?

14-04-2022 / 5215

Awle Mari we Lea Rose dünýädäki iň owadan ekizler diýip tanalýar. Los Anželosda ýaşaýan bu ekizler örän tiz wagtda meşhurlyk gazanypdyr. Has takygy, olaryň Instagramda 800.000-den hem köp abunaçysy bar.

Bloggerçilik bilen meşgullanýan Jeki ýagny, ekizleriň ejesi internet sahypalaryna, gyzlarynyň 6 aýlyk pursatyndaky suratlaryny hem ýerleşdiripdir. Häzirki wagtda onuň ekiz gyzjagazlary dünýä belli modelleriň derejesine baryp ýetdi. Birnäçe professional suratçylar bu owadan ekizleri özleri bilen işleşmäge häzirden isleg bildirýändiklerini aýdýarlar.   

Awle Mari we Lea Rose -- dünýädäki iň owadan ekizler

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com