Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Döwlet kitaphanasynyň düzümi daşary ýurt dillerindäki täze kitaplar bilen baýlaşdy

12-04-2022 / 5072

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň düzümine girýän daşary ýurt dillerindäki edebiýat bölüminiň gaznasynyň üsti iňlis dilinde terjime edilen Diýarymyzyň kitap önümleriniň neşirleri bilen ýetirildi, diýip, «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Täze edebiýatlaryň hatarynda Arkadagymyzyň işleri – «The Bright Path to Prosperity», «Medicinal Plants of Turkmenistan XIII volume», «The 15th summit of the economic cooperation organization» diýen neşir hem-de «Interviews given by the President of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov» to the international mass media» atly çykyşlaryň ýygyndysy bar.

 

Şeýle hem häzirki wagt kitaphananyň daşary ýurt bölüminde türk dilindäki kitaplaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şol kitaplar Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan sowgat berildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com