Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Orazanyň ilkinji hepdesinde ýadawlygy aýyrmak üçin peýdaly 5 iýmit

08-04-2022 / 5096

Sahawatyň, söýginiň, ýagşylygyň we gözelligiň hem-de şol bir wagtyň özünde-de bolçulygyň artýan aýy bolan Remezan aýy geldi. 11 aýyň soltany bolan Remezan aýynyň dowam edýän şu günlerinde, ýadawlyk üçin peýdaly boljak iýmitleri bilmek hem-de bu iýmitleri iýmek biziň her birimiz üçin örän möhümdir.

Günüň dowamynda açlyk çekýän adamlar hakykatdanam dünýäde açlyga garşy göreşýän köp adamyň ýagdaýyna düşünmäge mümkinçilik tapýarlar. Oraza tutmakda kynçylyk çekýänler we günüň dowamynda güýjüni ýitirmek islemeýänler Remezan aýynda iýilmeli iýmitleri gözleýärler.

Iýmitleri dogry sarp etmek, Remezanda açlyk sebäpli ýadamagyňyzyň öňüni alar. Onda haýsy iýmitler açlyk we ýadawlyk üçin peýdaly diýýärsiňizmi? Ine-de, jogaby…

Açlyk we ýadawlyk üçin peýdaly 5 iýmit

Kiwi

Eger-de selälikde C witamine baý bolan kiwini iýseňiz, metabolizmiňizi güýçlendirer. Kiwi sizi günüň dowamynda güýçli ýagdaýda saklar. Şeýlelik bilen, agyz bekleýändigiňizi ýatdan çykaryp, ýadawlygyňyzy we açlygyňyzy unudarsyňyz.

Petruşka

Petruşka hem edil kiwi ýaly ýadawlyk üçin peýdaly iýmitdir. Witaminlere baý petruşka immun ulgamyny güýçlendirýär. Petruşka, agyz beklän wagtyňyz bedeniňizi rahatlandyrar.

Hoz

Birnäçe peýdasy bolan hozy selälikde ýa-da agzaçarda iýiň. Eger-de hozy selälikde iýseňiz, günüň dowamynda özüňizi gujurly duýup bilersiňiz. Hoz – ýitirilen energiýany dikeltmäge ýardam berýär.

Gatyk

Gatyk gandaky şekeriň mukdaryny sazlaýar. Selälikde bir tabak gatyk iýseňiz, deriňiziň ýalpyldawuk görnüşde görünmegini sazlar.

Ysmanak

Magniý we demir ýaly iýmite baý bolan ysmanak, agzaçar wagtynda bedenimiz üçin örän peýdaly bolar. Gündiz ýitiren energiýamyzy dikeltmegimize we has ýakymly agşam geçirmegimize mümkinçilik döreder.

Dursultan ROZYKULYÝEWA,
TMÝG-niň Farap etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com