Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Mäne Baba» atly çeper film surata düşürilýär

04-04-2022 / 5099

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Mäne Baba» atly dowamlylygy gysga 30 minutlyk çeper-publisistik filmi düşürilýär.

Bu filmde Gündogaryň beýik akyldary, «Söz äleminiň Soltany» diýen ada eýe bolan Abu Seýit Abul Haýyr – Mäne Babanyň ömür menzilleri we döredijilik dünýäsi barada giňden gürrüň berilýär. Film Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýaş režissýory Söhbet Koçumow tarapyndan surata düşürilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com