Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderSport

Hindistana barsaňyz, bulary hökman görüň!

02-04-2022 / 5166

Hindistan – demirgazykdan günorta, gündogardan günbatara çenli millionlarça ynançlaryň, onlarça dilleriň, köp sanly etnik medeniýetleriň we ybadathanalaryň ýurdy hasaplanýar. Hindistana baryp görmeli ýerlere başlamazdan ozal, käbir soraglara jogap bermek gowy zat. Mysal üçin …

Hindistanda näçe gün galmaly?
Eger-de siz, Hindistana gezelenç edip, ähli ýerlerini görmek isleseňiz, bir ömür hem ýeterlik bolman biler. Ýöne syýahatçylaryň Hindistana syýahaty näçe gün dowam etmeli? Siz hem bu sorag bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda jogap bereliň. Syýahatyňyz üçin 2 hepde ýeterlik bolar.
Hindistana gezelenç etmek üçin haçan gitmeli?
Dünýädäki iň uly meýdany bolan ýurtlaryň birine syýahat etjek bolsaňyz, nirä barýandygyňyza jogap tapmaly. Hindistana haçan gitmeli?

  • Syýahatçylaryň aglabasy Hindistana gitmek üçin meşhur festiwallaryň bolýan wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
  • Hindistanda tomus aýlarynda musson ýagyşlary we suw joşmalary has köp bolýar. Syýahatçylar şonuň üçin iýul-oktýabr aýlary aralygynda Hindistana syýahat etmekden saklanýarlar.
  • Hindistanda howa iýun aýynda iň ýokary temperatura ýetip biler. 45 dereje-de dynç almak islemeýän bolsaňyz gezelenjiňiziň wagtyny öňünden tertipläň.
  • Hindistana gitmegiň iň amatly wagty mart hem-de noýabr aýlarydyr. Hindistanda bu aýlarda howanyň temperaturasy gezelenç etmek üçin örän amatly hasaplanýar. Mundan başga-da, bu iki aýyň dowamynda Hindistanda iň meşhur festiwallar hem bellenilýär.

Dünýäniň dürli künjeklerinden adamlary birleşdirýän festiwallar geçirilýär. Olardan iň meşhurlary: «Diwali», «Holi», «Dussehra», «Nawratri» we «Durga Puja». Hindistanyň iň uly iki festiwaly barada birnäçe maglumatlary belläp geçeliň.

Iň meşhur hindi festiwaly: Diwali


Ýagtylygyň baýramçylygy bolan Diwali, hindi ynançlaryna görä ýagtylygyň garaňkylygy ýeňip geçýän gününi alamatlandyrýar. Noýabr ýa-da dekabr aýlarynda Hindistanyň her künjeginde bellenilýän Diwali, buddizmiň mukaddes gahrymanlaryndan biri bolan Ramanyň 14 ýyl sürgünden soň doglan Aýodha gaýdyp gelmeginiň baýramçylygydyr.
Diwali döwründe Hindistandaky ähli jaýlar dürli reňkler bilen boýalýar, Feýerwerkler ýurduň her künjegindäki garaňkylygy yşyklandyrýan ýaly asmany reňkler bilen boýaýar. Diwali döwründe hindiler adaty eşiklerini geýýärler we paýhas hudaýy Lakşminiň öýlerine gelmegine garaşýarlar.

Hindistanda bahar reňk bilen bellenilýär: Holi festiwaly


Adamlar ýüzlerini reňkli boýag toplary bilen boýap, biri-birine boýag toplaryny zyňyp, tans edip, aýdym aýdyp şatlanýarlar. Her ýyl ýaz paslynyň ilkinji doly aýynda bellenilýän Holi festiwaly hindi mifologiýasynda möhüm orun eýeleýär. Rowaýata görä, şa Hiranyakaşipu Brahma hudaýy tarapyndan ölmezlik bilen sylaglanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ulumsy adama öwrülen Hiranyakaşipu hemmeleriň özüne boýun bolmagyna garaşypdyr, ýöne onuň ogly Prablah ilkinji nobatda oňa garşy çykanlaryň biri bolýar. Ogluny öldürmek kararyna gelen Hiranyakaşipu, şowlulygyny birnäçe gezek synap görýär. Emma Wişnu hudaýy Prablany hemişe goraýar. Iň soňunda oglunyň uýasynyň gujagynda goragsyz ýatan ogluny tutmagy we ýakmagy meýilleşdirýän Hiranyakaşipu, aýal dogany Holikanyň oda çydamlylygy sebäpli şowsuzlyga uçraýar. Prablah diri galýar, ýöne Holika aradan çykýar. Bu ýagdaýa gahary gelen Wişnu Hiranyakaşipuny öldürýär. Onuň ýerine ogly Prablahy geçirýär. Şondan bäri hem hindiler Holi festiwalynda özüni pida eden Holikany hormatlaýarlar.
Holi we Diwali, hindi medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak isleýänler üçin iň amatly döwürdir.

Hindistanda nirelere gezelenç edilmeli?


Hindistanda gezelenç etmek üçin diýseň köp ýer bar. Hindistana bir hepdelik syýahat etmegi meýilleşdirýän bolsaňyz, Delä, Agra we Jaipur şäherine baryp bilersiňiz. Dynç alyşyňyzy has uzak möhletli meýilleşdirýän bolsaňyz, Hindistanyň ýüregi diýlip atlandyrylýan Madhýa-Pradeş ştatyny Mumbay, Kerala, Waranasi, Amritsar, Goa, Udaipur ýaly şäherlerine hem baryp bilersiňiz.
Hindistanyň haýsydyr bir bölegine baryp göreniňizde özüne çekiji gurluşa duş gelmegiňiz gaty ähtimal. Bu ýurt diňe bir reňkleriň we ritmleriň ýurdy däl-de, eýsem, ybadathanalaryň hem ýurdy hasaplanýar. Hindistanyň ybadathanalary, belki, dünýäde görüp boljak iň täsirli gurluşlardyr. Hindistanda gezelenç etmeli ýerler adamlary gadymy döwürlere alyp gidýär.

Täçmahal


Yslam binagärliginiň iň görnükli eserlerinden biri bolan Täj-Mahal, Jahan şa tarapyndan ýaş wagtynda aradan çykan aýaly Mumtaz Mahal üçin döredilen ajaýyp eserdir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Täj-Mahal, Hindistana baryp görmeli ýerleriň sanawynyň başynda öz ornuny tapýar. Täj-Mahal – arassa mermerden ýasalan eserdir.

Amber galasy


Amber galasy  XVI asyrda gurulan bina bolup, ol mermerden, çäge daşlaryndan ýasalypdyr. Diňe bir daşky keşbi bilen däl, eýsem, içerki keşbiniň ajaýyp ussatlygy bilen haýran galdyrýan taryhy eserdir. Bu ýere piller bilen gezelenç etmek gyzykly hasaplanýar.

Çarminar


Dört minarany aňladýan Çarminar, Hindistanyň Haýdarabat şäherinde ýerleşýän ajaýyp yslam ýadygärligidir. Ýurduň paýtagty Golkonda şäherinden Haýdarabat şäherine göçürilenden soň, Kutb-Şahlar neberesiniň soltany Muhammet Kuli Kutb Şah tarapyndan 1591-nji ýylda gurlan bu ajaýyp gurluş görenleri özüne haýrana galdyrýar.

Altyn ybadathana


Päkistanyň serhedinde ýerleşýän Amritsar şäherinden geçseňiz, altyndan ýasalan ybadathana size garaşýar. Asyl ady «Harmandir Sahib» bolan bu ybadathana, Syh dininiň iň mukaddes ýerlerinden biri hasaplanýar. Hindistanda gezelenç etmeli ýerleriň arasynda altyn öwüşgin bilen haýran galdyrjak ýer görmek isleseňiz, ilki Amritsar şäherine, soňra bolsa Altyn ybadathana baryp görüň.

Lotus ybadathanasy


Lotus gülüniň anatomiýasy esasynda gurlan Lotus ýa-da Bahaý ybadathanasy 1986-njy ýylda gurlup, dünýäniň dürli künjeklerinde Bahaýy ybadathanalarynyň iň soňkusy diýen ada eýe boldy. 9 girelgesi bilen 9 dini alamatlandyrýan Lotus ybadathanasy Nýu-Delide binagär Fariborz Sahbanyň ady bilen tanalypdyr.

Kutub minarasy


Delide iň ajaýyp yslam ýadygärligi bolan Kutub minarasy hem bar. XIII asyrda ýeňiş ýadygärligi hökmünde gurlan Kutub minarasy, Täç-Mahal gurulýança Hindistanda iň beýik minara bolupdyr.

Meýlis SADYKOW,
Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com