
Bu barada 31-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Purçekow tarapyndan teklip edildi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna kalsiý öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky teklibi hödürledi. Bu önümçilik ýurdumyzyň bazarlaryny ýerli tebigy serişdelerden öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün etmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doly möçberde üpjün etmäge ukyply, kuwwatly gurluşyk senagatyny döretmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini artdyrmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
«TürkmenGazet».