Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSport

Türkmenistanyň wekiliýeti FIFA-nyň kongresine gatnaşar

31-03-2022 / 5080

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara futbol federasiýasynyň (HFF) 31-nji martda Dohada (Katar) geçirilýän kongresine ganaşar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda (TFF) aýdyldy.

Wekiliýetiň düzüminde TFF-niň baş kätibi Annabaýram Durdymammedow we bu edaranyň hünärmeni Resul Mämmedow bar.

FIFA-nyň kongresi dünýä çempionaty (DÇ) geçirilýän ýylda bir gezek ýygnanýar. Kongres ýaryş geçirilýän ýurtda guralýar.

DÇ-2022-niň bije çekişligi 1-nji aprelde Dohada bolup geçer, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar.

2022-nji ýylda Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji ýaryşlary 21-nji noýabrdan 19-njy dekabra çenli aralykda geçer. Tertibe laýyklykda, 32 ýygyndy hersinde dört topara bolmak bilen, sekize bölüner. Topardan iň gowy iki topara 1/8 finala çykar. Mundan soň ýaryşlar «playoof» diýen adaty düzgün boýunça dowam eder.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com