Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

1-nji aprelden «Kazan — Aşgabat» ugry boýunça howa gatnawlaryny täzeden başlamak meýilleşdirilýär

29-03-2022 / 5036

Kazan halkara howa menzili 2022-nji ýylyň aprelinden başlap, Türkmenistan bilen uçuşlary täzeden başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Kazanskiye Vedomosti» neşiri howa menziliniň metbugat sekretary Adel Gataulliniň sözlerine salgylanyp habar berýär, diýip, «turkmenportal.com» ýazýar.

«Şu ýylyň 27-nji martyndan başlap, ýaz-tomus gatnaw döwri başlanýar, şol döwürde Kazan halkara howa menzilinde halkara ugurlaryň sany köpeler. Mysal üçin, aprel aýynda Aşgabat we Minsk ýaly ugurlary açmak meýilleşdirilýär» diýip, Gataullin gürrüň berýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 9-njy martyndan bäri Russiýa Türkmenistana, Ermenistana, Azerbaýjana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Özbegistana we Eýrana yzygiderli howa gatnawlary baradaky çäklendirmeleri ýatyrdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com