Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTrend we gözellik

«Raisa Vanessa» moda sergisi haýran galdyrdy

28-03-2022 / 5103

Modanyň öňdebaryjysy hasaplanýan «AdL» tarapyndan taýýarlanan «AdL x Raisa Vanessa» kolleksiýasy, güýçli we erkin zenan keşbi bilen üýtgeşiklik döredýän, şeýle-de ünsi özüne çekýän «Raisa Vanessa» markalary ýörite moda sergisi bilen tanyşdyryldy.

Moda sergisi başlan pursatyndan, tomaşaçylar kolleksiýany gözlerini aýyrman synladylar. Meşhurlar 90-njy ýyllaryň şöhle saçýan gelin-gyzlaryň erkin ruhuny görkezýän «adL x Raisa Vanessa» kolleksiýasyny moda sergisinde görkezdiler.

Moda sergisine gatnaşanlaryň arasynda Pinar Sabanjy, Jeýlan Çapa, Aslyhan Doaan, Dila Tarkan, Hande Ataizi, Emine Ün, Güneş Mutlu, Mert Aslan we Eje Sükan ýaly moda dünýäsiniň meşhurlary bardy.

Moda sergisinden soň, Adil Yşyk toparynyň wise-prezidenti we dizaýn toparynyň direktory Zehra Yşyk bilen şeýle diýdi: «Zenanlaryň kalbyna degýän we her pursatyna laýyk gelýän «AdL», dizaýn hödürleýän marka hökmünde, bu kolleksiýany ýene-de zenanlara bagyşlaýarys. Elmydama olaryň erkin ruhuna ýüzlenýän we özboluşlylygy bilen birleşdirýän «Raisa Vanessa» bilen hyzmatdaşlygymyza diýseň buýsanýanýaryn. Bu täsin kolleksiýany güýçli zenan ruhunyň zenan setirleri, «Raisa Sason we Vanessa Sason» bilen düşündirmek, zenan modasynda öňdebaryjy «AdL» bilen hyzmatdaşlyk etmek biziň üçin diýseň tolgundyryjy. «AdL» dünýäsi bilen isleýän duýgularymyzy ýetirmek mümkinçiligimiz bar diýip umyt edýäris».

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com