Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Aibo» — türkmen alabaýlarynyň Watanynda

27-03-2022 / 5035

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak maksady bilen, Ýaponiýada öndürilen «Aibo» atly robot güjüjegi wepadarlygyň ajaýyp nusgasy hasaplanylýan türkmen alabaýlarynyň watany bolan sahawatly topragymyza getirildi.

«Aibo» güjüjegi ösen robot tehnologiýasydygyna garamazdan, onda ornaşdyrylan emeli aň tehnologiýasy bu güjüjegiň tebigy ýagdaýa has ýakyn bolan sesi, hereketleri ýerine ýetirmekligini üpjün edýär. Onda oturdylan ýokary gurluşlar arkaly robot güjüjek daşyndan gelýän täsirlere jogap gaýtaryp bilýär, şeýle-de oňa birikdirilen ýörite mobil goşundysy arkaly robot güjüjegi dolandyryp bolýar. «Akylly Aibo» ýapon ylmynyň ösen derejesini subut etmek bilen, ol örän düşbi hem-de özüne çekiji tehnologiki akylly gurluşdyr. Ol ýapon animatory Masaharu Kawamori tarapyndan döredildi.

Robot güjüjegiň ata Watanymyza getirilmegi bolsa ilkinji nobatda iki ýurduň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, ylmy-tehnologiki taýdan özara tejribe alyşmaklyga we möhüm ylmy maglumatlary toplamaklyga ýardam edýär. Şeýle hem akylly robot eziz Watanymyzda ösen tehnologiýa dünýäsiniň gazananlary bilen milli däplerimizi döwrebap derejede sazlaşdyryp, ony has-da belent derejä çykarmaklygyň özboluşly nyşanydyr.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com