Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Durnalar durmuş sapagyny berýär

25-03-2022 / 5063

Durnalaryň toýnuk gurap uçuşyna syn ediň! Serdar durna kerweniň başyny çekip barýar, ol üçburçlyk görnüşde bolup, serdar durnanyň ganatyny pel-pelledip, herekete getiren tolkunyndan peýdalanýarlar. Durnalaryň uçuş saparynda diňe hataryň öňüni çekip barýan durna kyn düşýär.

Serdar durna ýadanynda, oruntutary — geljekki serdar onuň bilen ornuny çalyşýar. Eger ýolda hatardaky durnalaryň biri tapdan düşse, uçmaga mejaly bolmasa, onuň bilen iki durna hem aşak gaýdýar. Şol durna tä dynjyny alyp, demini dürseýänçä, oňa goldaw berýärler. Beýleki durnalar bolsa, daşa gitmän, golaý-goltumda düşläp, ýoldaşlaryna garaşýarlar.

Ýene bir bellemeli zat: durnalar hiç wagt baga gonmazlar.

Durnalary görüp, oýa batanyňy duýman galýarsyň! Eger her kişi durnalar ýaly berk düzgün-nyzamda bolup, biri-birine medet berse, adamzadyň almajak galasy bolarmydy?!

Durnalar diýseň beýikden uçýarlar, sebäbi asmandaky howa akymy durnalar bilen ugurdaş gidýär. Ylymda asmanyň şeýle akymynyň bardygy doly tassyklanyldy.

Durnalar bize dostluk, agzybirlik sapagyny berýärler…

Batyr ATAŞOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com