Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Tebigat gözel — Watan gözel

20-nji mart — ählihalk bag ekmek dabarasy

18-03-2022 / 5079

Ýurdumyzda saýaly we miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek baradaky işler günsaýyn kämilleşýär. Bu bolsa ösümlikleriň görnüşleriniň artmagyna getirýär, daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edýär. Türkmenistanda her ýylda baharyň ilkinji günlerinde ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede — hakyky zähmet baýramçylygynyň ruhunda geçirmek däbe öwrüldi.

Ýaňy-ýakynda milli Liderimiziň Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Karara gol çekmegi däbe öwrülen ekologik tutumlaryň nobatdaky beýany boldy. Şeýlelikde, şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbi oturdylar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, şu ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Gahryman Arkadagymyz her bir işde bolşy ýaly, bag ekmek ýaly asylly işde hem ildeşlerimize görelde bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümine badalga bermegi, ählihalk ýowarlarynda ilkinji düýp nahaly hut özüniň oturtmagy hem şeýle diýmäge esas berýär. Munuň özi ýurdumyzda giň göwrümli ekologiýa maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, adamlaryň saglygyny goramaga, dynç almagyna möhüm şert hökmünde aýratyn üns berilýändigini görkezýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, tebigatymyzy has-da gözelleşdirmäge Balkan welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary hem uly goşant goşýarlar. Olar Milli bahar baýramynyň öň ýanynda geçirilýän bu dabaraly tutumda ýokary işjeňlik görkezerler.

Eziz KURBANOW,

Balkan welaýat gümrükhanasynyň Gümrük statistikasy bölüminiň gözegçisi, uly leýtenant.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com