Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi

02-03-2022 / 5113

1-nji martda «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşige Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan dürli kärde zähmet çekýän ukyp-başarnykly, guramaçy zenanlar gatnaşdylar. Deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan zenanlaryň arasyndan döwlet tapgyrynda 7 ugur boýunça ýeňijiler yglan edildi.

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäheriniň 83-nji çagalar bagynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Gülnara Kulbaýewa «Ýylyň işewür zenany», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Täzegül Pürenowa «Ýylyň çeper elli zenany», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugurda Aşgabat şäherinden, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gepleşikleri utgaşdyryjy bölüminiň radioýaýlymlar boýunça baş utgaşdyryjysy Gülşirin Hanowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, köp çagaly ene Aýbölek Baýramowa «Ýylyň mährem zenany», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky harby bölümiň komendant rotasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, uly leýtenant Gülistan Şerapowa «Ýylyň watançy zenany», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Sähra geňeşliginiň kärendeçisi Göwher Hojaýewa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»,  «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Gurbangül Annamuhammedowa «Ýylyň telekeçi zenany» adyna eýe boldular.

«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijilerine Hormat hatlary we hormatly  Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com