Slide
Slide
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSlider

Jedelde kimiňki hak?

27-02-2022 / 5122

Hakykat jedelleriň üsti bilen ýüze çykýar. Ýöne ol hakykaty ýüze çykarmak üçin akyl-paýhasly edilen jedel bolmaly. Aýdylýan pikirler üns bilen diňlenilýän, gözýetimi giň adamlaryň arasyndaky jedelden özüňiz üçin täze zatlary öwrenmegiňiz mümkin. Şeýle-de bolsa durmuşda käte jedelleşmekden gaça durmaly pursatlar hem gabat gelýär. Mysal üçin aşakdaky ýagdaýlarda jedele girmezlik sizi gülkünç görünmekden, ýa-da täze tanyşlaryňyzyň ýadynda düşünjesi telper ynsan hökmünde galmakdan halas eder.

  1. Ýeterlik subutnamaňyz we delilleriňiz bolmasa.

Käwagt jedelde diňe dogry sözleri ullakan ynam bilen aýtmak özüňiziň mamladygyňyzy subut etmek üçin ýeterlik bolman hem bilýär. Sebäbi, köplenç, gury sözlere takyk deliller bilen söýget bermeseňiz olar garşyňyzdaky ynsana täsir etmekden ejiz gelýärler. Şonuň üçin hem suwutly delilleriňiz bolmadyk temalarda jedele girmezlik siziň üçin peýdalydyr. Çünki beýle ýagdaýda jedele girmek sizi öz pikir we düşünjelerini subut edip bilmese hem ýeňbermezek, kejir, hötjet ynsan hökmünde suratlandyryp, töweregiňizdäkilerde ýakymsyz täsir döredip biler.

  1. Özüňize gyzykly bolmadyk temalarda.

Adamyň tebigaty şeýle, ol diňe özüniň höwes eden zatlaryna gara çyny bilen ýapyşýar. Öz söýýän işini yhlas bilen ýerine ýetirýär, öz söýýän aýdymyny diňlände gapdalyndan özi-de hiňlenýär, özüniň söýýän zatlary barada sagatlap durman gürläp, söhbetleşip bilýär. Şonuň üçin hem ol öz söýgüli pişelerinde aglaba halatlarda üstünlige-de ýetýär. Mejburlyk zerarly elujy edýän işlerinde bolsa, adamyň aşygy hemişe-de alçy gopubermeýär. Bu jedel babatda-da edil şeýle. Siziň üçin o diýen gyzykly bolmadyk temalarda jedele girmäň. Sazy söýýärkäňiz futbol boýunça indiki Ýewropa çempionynyň haýsy ýurt boljaklygy baradaky jedele girseňiz, sizde isleg hem, delil hem kemterlik eder we netijede ol jedel size peýdadan görä köpräk zyýan getirer. Ýatda saklaň siz her bir jedele gatnaşmaga borçly dälsiňiz!

  1. Söhbetdeşiňiz ant içip başlasa.

Eger jedele kellesi gyzan garşydaşyňyz siziň pikirleriňiziň örän samsyklaçlygyny nygtap başlan bolsa, gutlaýas siz ýeňdiňiz! Siziň üçin jedeli şu ýerde bes etmek iň dogry ýol. Çünki jedeliň indiki dowamynda ýeterlik delilleri bolmadyk söhbetdeşiňiz her bir sözüni takyk subutnamalar arkaly däl-de, eýsem, ant içmek arkaly ykrar etdirmäge çalşar. Pikirleriň agressiwleşmegine tarap ugrugan bu jedeli dowam etmekden hiç kime peýda ýokdur. Şonuň üçin hut şu ýerde bes ediň we jedelleşmekden gaça duruň.

  1. Garşydaşyňyz ýalan deliller getirse.

Hiç haçan jedelde galp delilleriň kömeginden peýdalanmaň. Olaryň üsti bilen siz ýeňiji bolmarsyňyz,  bary-ýogy söhbetdeşiňiz siziň sözleriňiziň ýalňyşlygyny bilýänçä ýeňlişiňizi yza süýşürmegiňiz mümkin. Hakykat iru-giç ýüze çykýar, soňundan ýüňsakal etjek sözler arkaly jedelde ýeňiş gazanyp bolmaýar. Köplenç,özüniň hakykatyny ykrar etdirmäge delilleri galmadyk ynsanlar toslamalary ulanyp ugraýarlar. Eger-de söhbetdeşiňiz tutaryksyz sözlere salgylanyp ugrasa, bu-da jedeli bes etmegiň möwrütiniň gelenligini aňladýan nobatdaky alamatdyr. Toslamalara esaslanan jedel hiç tarapa-da nep getirmez.

  1. Ýat adamlaň arasynda.

Özüniň öňden gelýän ýörelgesi, edähetleri bolan adamlaryň arasyna düşeniňizde mümkin boldugyça jedelleşmäň. Ol isle iş edarasy, isle täze okuw mekdebi, isle täze maşgala bolsun topardaky her bir adamyň hüý-häsiýetine belet bolmankaňyz jedele girmek göwnedegişmegiňize sebäp bolup ýa-da dürli-dürli düşünişmezlikleri döredip biler. Şonuň üçin sabyr ediň. Toparyň arasyna ymykly “siňýänçäňiz” jedellerden uzakda duruň. Bu siziň olar bilen has çalt ysnyşmagyňyza ýardam eder.

Ýokarda agzan ýagdaýlarymyzdan başga-da jedele girişilende hökman ýerine ýetirilmeli hereketler hem bar. Haýsy temada, haýsy ýerde kim bilen jedelleşseňiz hem söhbetdeşiňiziň şahsyýetini kemsitmekden, delillerini gödek görnüşde inkär etmekden, onuň sözüni bölmekden, ony düşünjesizlikde günäkärlemekden we gyzmalyk etmekden saklanyň. Jedellere özüňizi akylly görkezmek üçin ýa-da tersine garşyňyzdakyny sowatsyz görkezmek üçin däl, täze bir zatlar öwrenmek niýetinde girişýänligiňizi ýatda saklaň! Akylly-başly edilen gyzykly jedel siziň bilim-düşünjäňiz bilen bilelikde söhbetdeşiňiz bilen araňyzdaky dostluk gatnaşyklaryny-da pugtalandyrar.

Enejan MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com