Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Rekordlar kitabyndan 4 gün soň doglan rekordsmen

26-02-2022 / 5116

Ginnesiň Rekordlar kitabynda haýran galdyryjy adam sanardan köp, ýöne olaryň arasynda birnäçe rekord goýanlar hem bar. Emma 1954-nji ýylda Nýu Ýorkda doglan Ashrita Furman iň köp Ginnesiň rekordyny goýdy.

Geçen ýyllarda ol başardygyndan köp rekord goýmagy durmuşynyň maksady edindi. Häzirki wagta çenli ol 600-den gowrak rekord goýdy. Bu rekordlar pogo taýagy bilen Fuji dagyna çykmakdan başlap, örän uly hula haltalary (обручи) bedende aýlamaga çenli, dürli kategoriýalary we talantlary öz içine alýar.

Şeýle bolansoň, onuň dürli ýurtlarda rekordlar goýmaga, özi ýaly hyjuwly adamlar bilen duşuşmaga we ýeten üstünlikleri barada gepleşiklere gatnaşmaga mümkinçiligi boldy. Ýöne ol barada näçe ýazylsa-da, köp adam onuň beýle rekordy goýmagy nädip ýüregine düwendigini bilesi gelýär.

Ol çagalyk wagty, 1960-njy ýyllarda, ýyllyk Ginnesiň rekordlar kitabyna bolan haýranlygy bilen birnäçe dünýä rekordyny goýmagyň hyýalyny edip başlaýar.

Ashrita Furman şeýle diýýär, “Belki rekordlar kitabynyň çykyp başlanyndan 4 gün soň doganlygym üçindir, bilemok, mende şeýle bir höwes döredi.”

Ýüzlerçe rekordy bolsa-da, ol häli-häzirlerem täze rekordlary goýmak we ozal özünden alnan rekordlary täzelemek isleýär. Ol hatda “iň köp şemi bolan doglan güni torty” rekordyny hem 72.585 şem bilen goýupdyr.

Jeýhun HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com