Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Halkara olimpiadalary geçiriler

26-02-2022 / 5077

25-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu ýylyň aprel-maý aýlarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň ikinji açyk halkara matematika olimpiadasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehanika dersi boýunça birinji açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Öňümizdäki Halkara olimpiadalara türkmen talyplary bilen bir hatarda beýleki onlarça döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com