Slide
Slide
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSlider

Iş söhbetdeşliginde halanylmaýan hereketler

25-02-2022 / 5130

Soraglara dogry jogap bermek iş söhbetdeşliginde işe almak üçin ýeterlik bolman biler. Aslynda, söhbetdeşligiň dowamynda özüňizi alyp barşyňyz siz barada köp zat aýdýar.

Gözleriňizi dowamly gyrpmak, barmagyňyzdaky ýüzügiňizi oýnamak, saç bilen oýnamak ýaly hereketler bilip ýa-da bilinmän edilse, söhbetdeşlige biziň pikir edişimizden has erbet täsir edýär.

Hereketleriňiz bilen ýüzleşiň!

Geň hereketleriňizi tanap kabul edeniňizden soň, olaryň öňüni almagyň wagty gelendir. Söhbetdeş rolunda kimdir biri bilen oturyp bu häsiýetiňizi kontrol  edýänçäňiz gürleşiň. Şeýlelik bilen, barmagyňyzdaky ýüzügiňizi oýnamak, saç bilen oýnamak ýa-da garşyňdaky adamyň gözüne seretmezlik ýaly islenilmeýän hereketleri azaldyp bilersiňiz.

Söhbetdeşlikde ýüzüňiziň gyzarýandygyny duýsaňyz, “wah, men gyzarýaryn, gyzarýanymy görýarlermikä?” diýip alada etmegiň ýerine, “Men häzir gyzarýanam bolsam, köp ýerde nähili güýçlüdigimi subut eden adam” diýip ýagdaýy kabul edip, özboluşly hereket etmek has gowy täsir edip biler.

Söhbetdeşlik wagtynda gaça durulmaly 5 hereket:

Başyňy sallamak:

Ylalaşygyň alamaty hökmünde başyňyzy 1-2 gezek sallap bilersiňiz; ýöne artykmaç etseňiz, hemme zadyň tassyklanmagyna garaşýandygyňyzy ýa-da hemme zada baş sallaýandygyňyzy görkezip biler.

Aýaklary sallamak:

Söhbetdeşlik wagtynda bir aýagyňyzy beýleki aýagyňyzyň üstüne goýup bilersiňiz; emma aýagyňyzy sallamagyňyzy dartgynlylygyň we ynamyň ýoklugy hökmünde görmek mümkin.

Dodak dişlemek:

Söhbetdeşlige doly taýýar däldigiňizi ýa-da gaharyňyzy içiňize çekýändigiňizi görkezýär.

Daş-töweregi synlamak:

Garşyňdaky adamdan gözüňi aýyrmazlyk birahat edip biler, emma gözüňiz bilen daş-töweregiňizi synlap oturmak hem birahat edýän hereketdir. Garşyňdaky adamyň gözüne seredip gürleşmek çynlakaý gürrüň etmegiň alamatydyr.

Boýnuňy towlamak:

Boýnuňyzy towlamak siziň üçin rahatlyk döredip biler, ýöne söhbetdeşlik üçin bu hereketiň ýeri we wagty däldir.

Maksat ASTANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com