Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSiziň üçin...Slider

Kerim Hally: «Kaka, uly bolmak aňsat däl eken»

Duýguly pursatlar...

24-02-2022 / 16184

KAKA

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.

Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,

Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.

*****

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,

Durmuşyň agramy asylýar çepden.

Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,

Dik başyny egip basylýar gepden.

*****

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.

Şolaryň öňünde aşak egilýär,

Zalym duşmanlara egmedik başym.

*****

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,

Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.

Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,

Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

*****

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,

Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.

Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,

Ýadan wagtym “oýnajak däl! diýerdim.

 

KAKAÑ BAŞYÑ SYPAMASA

Ýeñsänden ýel kakyp geçer,

Kakañ başyñ sypamasa .

Ýöräp barýan ýollañ öçer,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Durmuş saýlar öz merdini,

Başa täç etmez her kimi.

Iller götermez derdiñi,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Gûnem gizlär ýagtysyny,

Hiç kim bermez artygyny,

Ykbal çalar şarpygyny,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Ýitirip baýlyk sarpasyn,

Ah, seni kimler ýalkasyn?!

Özüñ-özüñe arkasyñ,

Kakañ başyñ sypamasa.

*****

Çözüşmez hiç kim ýumagyñ

Ýamanlar bolmaz ýamagyñ,

Dolup durar aç damagyñ,

Kakañ başyñ sypamasa.

 

ISLEG

Aň goýalyp, pana akyl ýetirip,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

Ojagma biminnet çörek getirip,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Höwes edýän halal gadam urşuna,

Zähmetden gollary dönen gurşuna,

Ýygyrtly ýüzüni synlap durşuma,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Sylagy essedir hormat goýana,

Ejize el berer (gurpa daýana),

Galamymy çalşyp çopan taýaga,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Müdimilik çöle çykmalam bolsam,

Sowatsyzlyk ýükün çekmelem bolsam,

Ýigrimiden kyrka bökmelem bolsam,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

*****

Bu sözlem ýürekden, däldir ýasama,

Beýik arzuwlarmy gysyp, gysyma,

Ýagşy ynsanlygyñ hatyrasyna,

Meň kakama juda meňzäsim gelýär.

 

Kerim HALLYÝEW.

 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com