Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

2025-nji ýyla çenli Türkmenistan temmäkiden azat ýurda öwrüler

19-02-2022 / 5094

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada 18-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew hasabat berdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, degişli Karary taýýarlamak barada hödürlenilen teklibi makullady hem-de ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, saglyga zyýanly, hususan-da, temmäki ulanmak endiklerine garşy göreşmek boýunça işleri hemişe alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Öňde goýlan baş maksadyň raýatlarymyzyň abadançylygyny pugtalandyrjakdygy bellenildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com