Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTrend we gözellik

Gözellik syrlarynda limonyň orny

17-02-2022 / 5327

Limon deri üçin örän peýdalydyr. Limony nädip ulanmalydygyny bilseňiz, peýdasyny görersiňiz. Ine, limonyň näbelli gözellik syrlary:

Derini ýagtylandyrýar

Deriňiz reňkli bolsa, irden ýüzüňizi ýuwýan suwa birnäçe damja limon goşsaňyz, deriňiz üçin tebigy ýagtylandyryjy hökmünde ulanyp bilersiňiz.

Ýagly deri we gara tegmiller üçin peýdaly

Pagta topuna birnäçe damja limony gysyp, uklamazdan ozal ýüzüňize sürtüň.  Gara kelleler üçin ýarym limonyň suwuny bal bilen garmaly we gara reňkli ýere çalyň.

Saçyň reňkini ýeňilleşdirýär

Saçyňyzy bejermek spreýine limon suwuny goşuň we süýümlere sepiň.  Saçyňyzyň reňkiniň ýeňilleşendigini görersiňiz.

Dyrnaklary güýçlendirýär

Bir nahar çemçesi zeýtun ýagyna birnäçe damja limon goşup garmaly.  Bu garyndyny dyrnaklaryňyza çalyň. Irden turanyňyzda elleriňiz ýumşak we dyrnaklaryňyz has güýçli bolar.

Gury deri üçin peýdaly

Kelläňize limon şiresi, bal, zeýtun ýagy we kokos ýagyny garmaly we kelläňize çalyň. Ony 10 minut goýuň we ýuwuň. Ýumşak deri üçin, ýatmazdan ozal deriniň gury ýerlerine limon bölejigini çalyň we irden turanyňyzda ýuwuň.

Taýýarlan: Didar HEMRAÝEW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com