Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige saýlandy

16-02-2022 / 5033

Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi. Onda 12-nji martda möhletinden öň geçiriljek Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna Türkmenistanyň Agrar Partiýasyndan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi.

Gysgaça tanyşdyrsak, Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy. Ol dürli ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap mejlisinde, bu etrabyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesinde işledi. 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri A.Bekmyradow Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com