Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmen kompaniýalary wirtual sergä gatnaşýar

15-02-2022 / 5074

Türkmenistan şu günlerde «Merkezi Aziýa — Wirtual EXPO» (CAVEX II) ikinji onlaýn sergisine gatnaşýar. Onda türkmen kompaniýalarynyň we döwlet kärhanalarynyň jemi 20-si öz önümçiligini görkezýär. Sergi 2022-nji ýylyň 4-nji martyna çenli dowam eder.

Russiýa we Garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça Ýapon assosiasiýasy Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň goldaw bermeginde wirtual gözden geçirişiň guramaçysy bolup çykyş edýär. Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri hem guralýar.

Serginiň çäklerinde 14 — 18-nji fewralda Türkmenistanyň günleri geçirilýär. Onuň dowamynda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri babatda onlaýn maslahaty, ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi niýet edinýän türkmen kompaniýalaryna bagyşlanan webinary, şeýle hem Türkmenistanyň kärhanalarynyň 3-sine wirtual syýahaty guramak meýilleşdirilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com