Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görülýär

14-02-2022 / 5073

13-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Mejlise Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, onuň ýanynda döredilen iş toparynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlap, birnäçe tapgyrlary — dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri öz içine alýan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär.

Şu günki mejlisde saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasy tassyklanyldy.

Şonuň ýaly-da, öňde durýan möwsümiň guramaçylyk meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň geçirilişine diňe bir syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň milli synçylary däl, eýsem, halkara bilermenler we synçylary hem syn ederler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com