Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tegelek stol geçirdi

08-02-2022 / 5121

7-nji fewralda Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, bu çärä Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa Departamentiniň Direktorynyň orunbasary hanym Park Çansil, Merkezi Aziýa – Koreýa hyzmatdaşlyk forumynyň Sekreteriatynyň direktorynyň orunbasary Çang-Sun Jee, Merkezi Aziýa – Koreýa Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hanym Li Ok Rýon, şeýle hem bu ýurtda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylara türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna, şeýle hem ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça işjeň derejede alnyp barylýan bilelikdäki hereketleriň oňyn ösüşini bellediler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com