Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ärdogana hat üsti bilen tiz sagalmagyny arzuw etdi

07-02-2022 / 5091

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hat iberdi we türk Lideriniň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi.

Türkmen Lideri hatynda «Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn» diýip belledi we durmuşyň şu agyr günlerinde hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

«Gadyrly doganym, Size we maşgalaňyza tiz wagtda sagalmagyňyzy tüýs ýürekden arzuw edýärin hem-de Beýik Biribardan size berk jan saglyk, uzak ömür dileg edýärin» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň we maşgalasynyň iberen hatynda nygtalýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com