Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti: «Biz üç gün karantinde bolarys»

04-02-2022 / 5017

Ministrler Kabinetiniň 3-nji fewralynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaýa iş sapary bilen gidýän wekiliýetiň düzümine bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer S.Toýlyýewiň hem girýändigini aýtdy. Döwlet Baştutany wise-premýere ýüzlenip, Hytaýa sapardan gaýdyp gelnenden soň, toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda nähili hereket etmelidigi baradaky teklibiňizi beriň diýip aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew adatdan daşary toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin sapardan gelnenden soň, hökmany suratda, karantin çäreleriniň berjaý edilmelidigini, bu çäreleriň iň gysga wagtynyň — 3 gün, ortaça wagtynyň — 10 gün, iň wajyp wagtynyň bolsa 21 gün bolmalydygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu habary diňläp, wekiliýetiň agzalarynyň hem karantin geçmeli boljakdyklaryny aýdyp, arassaçylyk kadalaryna görä, biz 3 gün — ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günleri karantinde bolarys diýip belledi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com