Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Onlaýn taksi» programmasy işe girizildi

04-02-2022 / 5073

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabatda taksi çagyrmak üçin täze «Onlaýn taksi» ykjam goşundyny işe girizdi.

Müşderiden çakylyk gelende onuň anyk salgysy görkezilýär. GPS programma arkaly öýjükli telefonyň nirededigi kesgitlenilýär we sürüjä müşderiniň nirededigi takyk habar berilýär. Biraz wagtdan müşderi ulagyň gelendigi barada SMS habar alýar. Ýolagçy barjak ýerine baranda taksi hyzmatynyň bahasy barada SMS habar alýar.

Töleg nagt ýa-da sürüjiniň terminalyndan bank karty arkaly geçirilýär. Ýakyn geljekde onlaýn-töleg geçirmek göz öňünde tutulýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com