Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Maňa mähir gerek, eje!

Ýaş şahyr gyzyň bu goşgulary ilkinji gezek okyjylara hödürlenýär

04-02-2022 / 5140

MÄHIR

…Mähir gyşda hasam gerek, bilýärdim.

A.Garaýewa.

Dünýämi ýyladar ýaly

Maňa mähir gerek, eje.

Göwnümden gam gider ýaly,

Maňa mähir gerek, eje.

 

Meýli, ýanyp tutaşaýyn,

Ataşlara sataşaýyn,

Ýöne, haýyş ýeke şaýlyk,

Maňa mähir gerek, eje.

 

Yşk bilen ara tow sala,

Düşmäýin dowla, howsala,

Kalbymdan gyşy kowsana,

Maňa mähir gerek, eje.

 

Aýdylmadyk söz andymda,

Ýamanlyk yog-a zandymda,

Iň ýetmeýän zadym munda,

Maňa mähir gerek, eje.

 

Menem ile sereşläýin,

Ýürek tarym taraşlaýyn,

Diňe senden garaşýaryn,

Maňa mähir gerek, eje!

 

EJEME

Deňizde arzuw küregim,

gaçdy gözümden geregim,

Ozal näzijek ýüregim

Bardy, ýaralandy eje.

 

Göwnüm boldy, köne haraz,

Dilegim duşmady, garaz,

Dilin dişläp, hyýalparaz

gyzyň gyralandy, eje.

 

Bilmedim şatlygy saklap,

Derdim guýuldy çanaklap,

Ne gözeldi, uçganaklan,

Didäm hyralandy eje.

 

Otda däl, közde ýanypdym,

Umydyma daýanypdym,

Men özüme ynanypdym,

Ynam, yralandy eje!

Ogulnur PIRJIKOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com