Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Çalsana, bagşy!» bäsleşigi geçiriler

30-01-2022 / 5040

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi geçiriler.

Bäsleşigiň jemi 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemleniler ýeňijiler sylaglanylar.

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini yglan etmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com