
2020-nji ýylyň 26-njy ýanwary diňe basketbolda däl, bütin sport älemi üçin gussaly gün boldy.
Mundan iki ýyl ozal basketbol ýyldyzy Kobe Braýant, onuň 13 ýaşly gyzy Žanna we dikuçardaky ýene 7 sany ýolagçy heläkçilige uçrapdy. Olaryň hemmesi wakanyň bolan ýerinde ýagty jahany terk etdiler.
«Leýkers»-iň öňki basketbolçysy Kobe Braýant we onuň gyzy Žanna üçin ýadygärlik çarşenbe güni, ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Kalabasas şäherinde dikuçaryň heläkçilige uçran ýerinde oturdyldy.
Ýadygärlik heýkeltaraş Den Medina tarapyndan döredildi. Onda Kobe özüniň söýgüli topary «Leýkers»-iň lybasynda Žannany gujaklaýany teswirlenipdir. Žanna hem sport eşiginde we elinde basketbol topuny saklap dur. Ikisi biri-biriniň ýüzüne seredip ýylgyrýar.
Ýadygärlikde 2020-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda bolup geçen dikuçar heläkçiligine sezewar bolan Braýantyň, onuň gyzy Žannanyň hem-de ýedi sany ýolagçynyň atlary ýazylypdyr.
«TürkmenGazet».