Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Slider

Otagdaky «akylly bag»

24-01-2022 / 5051

Otag şertlerindäki akylly bag «Garden Smart» ýylyň dowamynda öýde dürli gök önümleri, miweleri, otlary we dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek maksady bilen işlenip düzülen akylly ulgamdyr.

Awtomatiki suwaryş ulgamynyň we «smart LED» yşyklandyryşyň kömegi bilen gündelik durmuşymyzda zerur bolan ekinleri ösdürip ýetişdirip bileris. Ajaýyp akwariumy ýada salýan «akylly bagyň» täsin dizaýny otagyň bezegini has-da artdyrýar, şeýle-de onçakly köp ýer hem tutmaýar. Ol ösümlikleri oturtmak üçin birnäçe öýjükli gapjagazlar, aýlanýan tigirli örtükli gurluşdan ybaratdyr. Aýlanýan tigiriň ortasynda awtomatiki usulda yşyklandyrylýan çyralar bar.

Mundan başga-da, «akylly bagda» iki bölekli awtomatiki suwaryş ulgamy hem ýerleşdirilen. Ony her 7-10 günden arassa suw bilen doldurmak ýeterlikdir. Eger-de ulgamda suwuň derejesi peselse ýa-da suw azlyk etse, onda ýörite duýduryjy signal arkaly bu ýagdaý öý eýesine habar berilýär. «Akylly bagda» ortaça 60 sany ösümligi ýerleşdirer ýaly mümkinçilik bolup, olarda 3 ekin öwrümini amala aşyryp bolýar. Bu gurluşyň ýene-de bir aýratynlygy pestisidleri, gerbisidleri ulanmazdan tebigy miweleri, ir-iýmişleri, ter otlary we dermanlyk maksatly ösümlikleri ösdürip ýetişdirip bileris. «Akylly bag» diňe bir ýaşaýyş jaýlarynda däl-de, eýsem restoranlarda, ofislerde, myhmanhanalarda hem ornaşdyrylyp bilner.

«Garden Smart» ulgamy energiýa hem tygşytlaýar, sebäbi çyralar ýakylanda bary-ýogy 120 W energiýa sarp edýär. Onda ornaşdyrylan LED çyralaryň ömri-de 50 müň sagada deňdir. Şunlukda günüň dowamynda çyralar 16 sagat ýakylan ýagdaýynda ol 8 ýyl wagt dowam eder. Ulgam arkaly gysga wagtda, ýagny 30-40 günüň dowamynda hasyl alyp bolýanlygy onuň ýene-de bir artykmaç taraplarynyň biridir.

Babyş ATJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com