
Darknet monitoring hyzmaty (DLBI) 2021-nji ýylda iň köp ulanylan meşhur parollaryň sanawyny yglan etdi, diýip «Известия» neşiri habar berýär.
35,5 milliard, şu jümleden, maglumatlar bazasynyň internetde giň ýaýran täze 250 million login we parollary hasaba alyndy. Bu görkezijiniň bary-ýogy 3,5 göterimi çylşyrymly (uly we kiçi harplar, sanlar, dürli belgileri öz içine alýar) we 16,5 göterimi uzyn (10-dan köp belgi) parollardan ybaratdyr.
Iň meşhur 10 parol:
qwerty123;
qwerty1;
123456;
asdasd;
12345;
123456789;
asdasd123;
12345678;
qwerty;
123321.
Krill elipbiýsindäki parollar: «parol», «söýgi», «salam», «nataşa», «maksim», «marina», «andreý» we «kristina». Olar diňe sözlerden ybarat.
Hünärmenleriň sözlerine görä, alty belgiden ybarat (her hili harp we san) paroly döwmek üçin ortaça 95 minut, eger ol 10 belgiden ybarat bolsa, 2,5 ýyl wagt gerek bolýar.
«TürkmenGazet».