Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Slider

Jeff Bezos: «Maksat — ölümi ýeňmek!»

22-01-2022 / 5083

Amazon internet gigantynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos baky ýaşaýyş tehnologiýalarynyň üstünde işlemek üçin dünýäniň iň tejribeli, iň güýçli alymlaryndan ýörite topar döretdi.

Mälim bolşy ýaly, milliarder öz pullaryny Alto Labs diýlip atlandyrylan startap-a sarplamakçy. Ýakynda topara GlaxoSmithKline farmasewtika gigantynyň öňki baş alymy Hel Barron getirildi. Startap garramak meseleleri bilen meşgullanýar. Barrondan başga-da, topara 2012-nji ýylda lukmançylyk boýunça Nobel baýragyny alan, kök öýjüklerini öwrenmekdäki işi boýunça sylaglanan doktor Şinýa Ýamanaka hem-de himiýa boýunça 2020-nji ýylda Nobel baýragyna eýe bolan Jennifer Doudna hem bar.

Bu topara iş başlan wagtynda 3 milliard dollardanam köp pul berildi. Berlen pul mukdary öýjükleri gaýtadan programmalaşdyrmak, somatik öýjükleriň induksiýalanan pluripotent kök öýjükleri ýagdaýyna öwrüliş prosesini öwrenmäge sarplanar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com