Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Garaköli goýunlarynyň genofondynyň gowulandyrylyşy

21-01-2022 / 5133

Çarwadarlaryň arasynda «Höwür goç — süriniň ýarysy» diýen ýörgünli düşünje bar. Munuň özi tohumçylyk işini alyp barmak, dowarlaryň önümliligini artdyrmak, önümiň hilini ýokarlandyrmak, tohum mallary ýetişdirmek üçin öňürti höwür goçlaryň tohumlylyk hilini gowulandyrmak gerek diýildigidir.

Tohum goç guzular saýlanyp alnanda, esasan, berk konstitusiýaly, beden gurluşy dürs, goýy gara (intensiw) reňkli, ýarymaýlaw galamgül buýraly, buýralarynyň ini ortaça, uzynlygy uzyn we ortaça uzynlykda bolup, guzynyň göwresinde endigan ýerleşip, aýdyň görünýän, tüýi gür, ýüpeksöwlügi hem ýalpyldysy güýçli we kadaly derejede bolan mallar alynýar. Gara pigmentiň goýulygyna aýratyn üns berilip, ol malyň ýüz-gözüniň, diliniň üstüniň, çeperliginiň reňki hem-de tutuş göwresiniň tüý örtüginiň reňkiniň goýulygy hem endiganlygy boýunça kesgitlenýär. Ýokarda görkezilen alamatlaryň toplumyny özünde jemleýän saýlantgy hem I derejeli goç guzular saýlanyp alnyp ösdürime goýberilýär. Goç guzulara hil bahasy berlende, olaryň tüýüniň ýüpeksöwlügine hem-de ýalpyldysyna aýratyn üns berilýär. Sebäbi bu alamatlar bagananyň harytlyk hilini, nepisligini, jana ýakymlylygyny, göze gelüwliligini kesgitleýär.

Seçim döwri (4-4,5 aýlykda) saýlantgy hem I derejeli tohum goç toklularyň hemmesi siňňin gözden geçirilip, kellesiniň, aýaklarynyň hem-de ýüň örtüginiň gara reňkiniň sähelçe üýtgeýjilige sezewar bolanlary, kelekleri, ösüşden galanlary, şikes ýetenleri, ýaralylary saýlanyp aýrylýar. Maksadalaýyk gelýän sagdyn ýaş tohum goçlar bolsa aýratyn sürä ýygnalýar. Ýaş tohum goçlar 13 aýlyk döwründe, ýaz ýüňi gyrkylmanka ýene-de siňňin gözden geçirilip, bildirilýän talaba laýyk gelmeýänleri dannalyp aýrylýar. Galanlary bolsa uly höwür goçlaryň sürüsine goşulyp, süriniň üsti doldurylýar.

Uly höwür goçlary gözden geçirilip, olaryň maksadalaýyk gelmeýänlerini yzygiderli dannap aýyrmak tohumçylyk-seçgi işiniň esasy bolup durýar. Işiň başlangyç döwri bar bolan uly höwür goçlaryň reňkiniň dürli-dürlüligi (sur, sur x gara gatyşyk, gara reňkli), fenotipi boýunça talaba laýyk gelmeýänleriniň we garrylarynyň köp bolanlygy sebäpli goçlary dannamak işine iňňän ünsli çemeleşip, olaryň mümkin bolan mukdary dannalyp aýrylýar. Höwür goçlaryň sürüsiniň üsti bolsa hil bahasy berlip, syntgylanyp saýlanyp alnan gara reňkli galamgül bagana görnüşli saýlantgy hem I derejeli işek goçlar bilen yzygiderli doldurylýar.

Uly  goçlar höwürde soňky gezek «maňramaz» döwri, ýagny 4,5 ýaşynda ulanylyp, soňra garry hasaplanyp, ýaşy boýunça braklanyp sürüden çykarylýar. Galan uly goçlaryň içinden tohumlylyk hili pes bolanlary, beden gurluşy nädürsleri, şikeslileri, ýüň örtügi ir çalaranlary dannalyp aýrylýar. Mälim bolşy ýaly, gara reňkli garaköli goýunlaryň ýüň örtüginiň reňki 2-3 ýaşynda çalarýar. Käbir goýunlaryň ýüňi bolsa ondan hem öň çalarýar. Kellesiniň we aýaklarynyň tüý örtüginiň reňki bolsa üýtgemän galýar. Munuň aňyrsynda bedende melanogeneziň geçişine täsir edýän çylşyrymly biohimiki we fiziologiki ýagdaýlar bar.

Garaköli goçlarynyň tohumlylyk hilini gowulandyryp, ene goýunlar bilen maksadalaýyk jübütleşdirmegiň netijesinde, isleg bildirilýän alamatlaryň nesle geçmegini hem-de berkemegini gazanyp, her täze nesilde ýokary hilli önüm  berýän mallary ösdürip ýetişdirip bolar.

Merjen MERGENOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com