Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTrend we gözellik

Ýüzümize sowukda nähili ideg etmeli?

17-01-2022 / 5571

Islendik ýaşda-da ýüzlerimize garaşyk etmek hökmanydyr. Gözelligimiz, saglygymyz üçin möhüm bolan bu işe sowuk günlerde aýratyn ähmiýet bermegimiz zerur. Şu maksat bilen biz gyş paslynyň sowuk günlerinde ýüz derisi üçin möhüm bolan birnäçe ýapgylary siziň dykgatyňyza ýetirýäris:

Ýagly ýüz derileri üçin:

1 çaý çemçesi tworog (dorog), 1 çaý çemçesi ary baly (eger-de allergiýaňyz bar bolsa hökman däl), ýarym limonyň suwy we 2 nahar çemçesi süýt. Bularyň ählisini garyşdyrmaly we ýukajyk gatlak edip ýüze çalmaly. Gözümiziň töweregine çalmaly däl. Ýapgyny 10 minut saklamaly, biraz soňra mylaýym suw bilen ýüzümizi ýuwmaly.

Gury ýüz derileri üçin:

1 nahar çemçesi tworoga 3 nahar çemçesi süýdi we 1 çaý çemçesi zeýtun ýagyny goşup, bir görnüşe gelýänçe garyşdyrmaly. Ýüzümizi suw bilen arassalap, bu melhemi çalmaly. 15 minutdan soň ýüzümizi mylaýym suw bilen ýuwmaly. Bu ýapgy ýüz derisini gowy iýmitlendirýär we nemlendirýär, şeýle hem ýüzümize ýygyrt düşmeginiň öňüni alýar.

Ýüz gözelligi  

Mähriban gelin-gyzlar! Dürli hili kremleri ulananymyzdan, witaminlere we minerallara baý bolan gök önümlerden we miwelerden taýýarlanýan adaty ýapgylar ýüz derisi üçin has-da peýdalydyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com