Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSlider

Türkmenabat şäherinde buýan köküni gaýtadan işleýän kärhana gurlar

17-01-2022 / 5013

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň düzüminde glisirrizin turşusynyň önümçiligi boýunça kärhana gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna günündäki mejlisinde hasabat berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Adipson Ind. Srl.» kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Bu kärhananyň gurluşygynyň potratçysyny seçip almak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde, «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň täjirçilik teklibi seçilip alyndy. Şeýle hem bellenilen tertipde gurluşygyň şertleri, desgany tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň ugurlary kesgitlenildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com