Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSlider

Derwezedäki ýanyp duran tebigy gaz ýaramaz täsir edýär

08-01-2022 / 5112

7-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti bu meselä ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, indi uzak ýyllardan bäri, Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Galyberse-de, biz eksport edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji aljak çig malymyzy ýitirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýere alymlary ýygnap, eger gerek bolsa, daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekip, bu ýangyny söndürmegiň çözgüdini tapmagy tabşyrdy. Tebigy gazy peýdalanjak ýerimizi bolsa özümiz taparys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com