Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSlider

A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy

08-01-2022 / 5022

Bu barada 7-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önüminiň täze görnüşi — Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy.

Wise-premýer Niderlandlar Patyşalygynyň «Saybolt» kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplaryň we Euro-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalaryň berlendigini habar berdi. Häzirki wagtda nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com