Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSlider

Indi Aşgabatda taksi çagyrmak aňsat

Indi Aşgabatda taksi çagyrmak aňsat

06-01-2022 / 5007

«Türkmenawtoulag» agentliginiň resmi saýtynda gysga belgi hyzmaty müşderilere edilýän hyzmaty has-da gowulandyrmak, şeýle hem aňsat ýatda saklamak üçin girizildi.

Indi müşderi 0555 gysga belgini aýlap gije-gündiziň dowamynda islendik wagt taksi çagyryp biler.

Öňki hereket edýän 76-05-01, 76-05-02, 76-05-03 belgiler bilen hem çagyryp bolýar.

Taksi çagyrmak gullugy elýeterli bahadan gowy hyzmat edýär.

Ir sagat 06-00-dan 14-00-a çenli taksi çagyrmak hyzmaty 7 manat. Soňra şäher içinde her kilometr ýola 1 manat 20 teňňe tölemeli. Eger taksi gelip müşderä 2 minutdan kän garaşsa, garaşan her minudyna 70 teňňe alynýar.

Sagat 14-00-dan irden 06-00-a çenli taksi çagyrmak hyzmaty 9 manat. Soňra şäher içinde her kilometr ýola 1 manat 44 teňňe tölemeli. Eger taksi gelip müşderä 2 minutdan kän garaşsa, garaşan her minudyna 90 teňňe alynýar.

Taksi hyzmatynyň iň az tölegi 20 manatdyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com