Habarlar

2022-nji ýylyň şygary näme diýlip atlandyrylar?

Türkmenistanda 2022-nji ýyly — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmagy bagtyýar halkymyz biragyzdan goldady. Bu teklip 25-nji noýabrda  Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahatyň süňňüni düzdi.

Maslahata Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, önümçilik pudaklarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Onda öňe sürlen teklipler boýunça pikir alyşmalar guraldy. Şeýlelikde, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklip maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan makullanyldy.

TÜRKMENgazet

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu