Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edildi

29-12-2021 / 5050

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 27-nji dekabrdaky Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edildi.

Geljek ýylyň şygaryny atlandyrmakda ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipler nazara alyndy. Bu bolsa türkmen halkynyň öz Arkadagy bilen XXI asyryň üçünji onýyllygynda täze döwre, täze zamana gadam basandygyny aňladýar.

Häzirki wagtda 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaralar yzygiderli geçirilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com