Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderSport

Ýylyň ähli paslynda ak gara bürenýär

22-12-2021 / 5015

Gyş gözelligi ak reňkde jemlenýär. Çünki bu paslyň esasy bezegi akja garlardyr. Gyşyň dowamynda ak gar bilen örtülýän tebigy gözellikler bu paslyň keşbini has hem owadan görnüşe getirýär. Emma Ýer ýüzünde şeýle bir täsin ýerler bar, hatda gar bolmasa-da, ap-ak tebigy gözelligi özünde jemleýär. Şeýle ajaýyp ýerleriň biri-de Farfor çölüdir. Dogry, çöl diýlende aslynda, sary, gyzyl, goňur çägeler göz öňümize gelýär. Emma ABŞ-nyň Nýu-Meksika ştatynyň günortasyndaky bu çöl ýylyň islendik paslynda-da ak gar bilen örtülen ýaly. Onuň uzynlygy 36, ini bolsa takmynan 28 kilometrdir, ýagny umumy meýdany 700 inedördül kilometr.

Bu täsin çölüň döreýşi barada alymlaryň aýtmagyna görä, takmynan 100 million ýyl mundan ozal bu ýerde kiçeňräk bir deňiz bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen deňiz birnäçe köllere bölünipdir. Emma soňabaka kölleriň suwy gurap, ýeriň üstki böleginde duzdan we selenitden ybarat bolan ak gatlak emele gelipdir. Häzir çölüň çägesi şeýle bir ak, edil gar ýaly.

Çölüň ösümlik we haýwanat dünýäsi sanalgyja görnüşleri öz içine alýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com