Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegi

Ylham näme?

15-12-2021 / 5065

Ylham näme?

Siz-ä bilemok welin,

Şahyr üçin bu bir bagty getirmek.

Tutjak bolup köňle gonan sözleri,

Awçy kimin şol galpyldap oturmak.

 

Ylham näme?

Bu bir Arhimed ýaly

Özüň atmak suwdan doly legene.

Hem gygyrmak suwuň çoguşyn synlap,

«Tapdym!» diýip, şol begene-begene.

 

Ylham näme?

Bu bir hamyla gelniň,

Wagty ýetip güzap içre dogruşy.

Soňra dünýä inen körpesin synlap,

Ysgynsyz dodaklaň ýylgyryp durşy.

 

Ylham näme?

Bu bir garry ene üçin,

Geçmezek sapagy iňňä ötürmek.

…Şahyr üçin gije tapan sözlerine,

Ertir turup, haýran galyp oturmak.

Hudaýar DEŇLIÝEW.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com