Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Dostoýewskiniň 200 ýyllygyna türkmen heýkeltaraşyndan sowgat

13-12-2021 / 5054

Türkmenistanly relýef heýkeltaraşlygynyň ussady Aleksandr Kaşirskiý Fýodor Mihaýlowiçiň bürünç portretini döretmek boýunça işini tamamlady. Relýef heýkeli Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan sergide görkezildi.

Bellemek gerek, dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň 200 ýyllygynyň şanyna ÝUNESKO-nyň karary bilen 2021-nji ýyl «Dostoýewskiniň ýyly» diýlip yglan edildi.

— Döredijilik işime dünýä ensiklopediýasyndan bir parça goşmagym tötänden däldir: «ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Dostoýewskiý dünýäde iň köp okalýan ýazyjylaryň biridir». Men onuň eserlerini elmydama höwes bilen okaýardym, «Garyp adamlar» romany meniň üçin iň ajaýyp eserleriniň biri bolmagynda galýar. 70-nji ýyllarda men Sankt-Peterburgda Fýodor Dostoýewskiniň aramgähine baryp gördüm, ol ýerde ýazyja bürünçdir granitden taýýarlanan heýkeltaraşlyk ýadygärligi oturdylypdyr. Eserlerimiň birini Fýodor Mihaýlowiçe bagyşlamak islegi, belki-de şonda dörändir — diýip, heýkeltaraş gürrüň berýär.

TürkmenGazet.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com